Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa...
DowamyTürkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum — TEIF 2025 Kuala-Lumpur şäherinde üstünlikli tamamlandy. Forum Türkmenistanyň halkara maýa goýum gepleşigindäki we durnukly energetika hyzmatdaşlygyndaky ornunyň giňeýändigini görkezdi. “Türkmenistanyň energetika geljegine maýa goýmak” mowzugynda, “Energetika bilen maýa goýumyň birikýän nokady” şygary bilen geçirilen forum 42 ýurtdan 450-den gowrak wekili — döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, pudak liderlerini, halkara energetika kompaniýalaryny, maliýe institutlaryny we strategik hyzmatdaşlary bir ýere jemledi.