
Fatih Birol

Doktor Fatih Birol- Halkara Energetika Agentliginiň ýerine ýetiriji direktory bolup, 2015-nji ýyldan bäri bu gurama ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda, Halkara Energetika Agentligi 1974-nji ýylda döredilen gününden bäri ilkinji düýpli döwrebaplaşdyryşy başdan geçirdi: bu gurama ösüp barýan ykdysadyýetleri öz içine almak bilen agzalygyny giňeltdi, energiýa howpsuzlygy baradaky mandatyny güýçlendirdi we özüni arassa energiýa tehnologiýalary we energiýa netijeliligi merkezi hökmünde döretdi. Ýerine ýetiriji müdirlik wezipesine bellenmezinden ozal, doktor Birol Halkara Energetika Agentligi ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçirdi we şol ýerde baş ykdysatçy bolup işledi we dünýä energetika pudagyndaky iň abraýly seljermeleriň we çaklamalaryň çeşmelerinden biri bolan her ýylky Dünýä energiýa başlangyçlaryna ýolbaşçylyk etdi. Şeýle -de, pudak we syýasatçylar arasynda gepleşikler üçin esasy meýdança bolan Halkara Energetika Agentliginiň Energetika Geňeşiniň düýbüni tutujy we başlygy bolup durýar. Doktor Birol dünýäde energetika we daşky gurşaw syýasaty boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň biri hökmünde ykrar edildi. Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň Energetika geňeşine başlyklyk edýär we BMG-niň Baş sekretarynyň hemmeler üçin durnukly energiýa boýunça geňeşinde işledi. "Forbes" we "Financial Times" tarapyndan dünýä energetika pudagynyň iň täsirli adamlarynyň sanawyna ençeme gezek goşuldy we Ýaponiýa, Germaniýa, Awstriýa, Şwesiýa, Fransiýa we Italiýa döwletleriniň köp sanly ýokary döwlet baýraklaryna eýe boldy. Doktor Birol Stambul Tehniki Uniwersitetiniň energetika inženerçiligi hünärini tamamlady, soňra Wena Tehnologiýa Uniwersitetinden energetika ykdysadyýeti boýunça doktorlyk derejesini aldy. 2013-nji ýylda London Imperial kollejinden hormatly doktorlyk derejesine eýe boldy.