• 16 May 25

Türkmenistan nebitgaz, himiýa hyzmatdaşlygy boýunça topar döretmegi BAE teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleri bilen nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu başlangyç çarşenbe güni Aşgabatda düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, ADNOC kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bolan wekiliýet bilen geçirilen gepleşiklerde beýan edildi. Taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda energetika, ulag, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we BAE-niň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça meňzeş garaýşynyň bardygy, onuň BMG, YHG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýady döredýändigi bellenildi. Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşygy geçirildi.
...